Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda öňki tussaglar mejbury ýagdaýda pagta ýygymyna sürülýär


Pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistan ilaty pagta ýygmaga mejbur etmek tejribesini dowam etdirýär.
Pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistan ilaty pagta ýygmaga mejbur etmek tejribesini dowam etdirýär.

Lebap welaýatynda ekin meýdanlarynda pagta ýygýanlaryň arasynda öňki tussaglaryň sany köpelýär. Türmeden boşap gelen we ýerli polisiýanyň hasabynda duran öňki tussaglar pagta ýygmaga mejbur edilýär.

Türkmenabadyň kanuny goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň sözlerine görä, öňki bendileri polisiýa bölümlerine çagyryp, olary pagta gitmek barada habarly etmek boýunça işler 20-nji awgustda başlanypdyr.

"Olaryň ählisine: 'Ýakyn wagtda pagta gitmeli. Telefonlaryňyz hemişe açyk bolsun. Çagyrylsaňyz derrew gelmeli' diýip duýdurylýar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli polisiýa işgärleri şeýdip, pagta üçin işgär tapmak borçlaryny ýerine ýetirýärler we hasapda duran öňki tussaglary meýdanlara iberýärler. Polisiýanyň ýolbaşçylary hem bu tejribä göz ýumýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen lebaply öňki tussaglar özleriniň goragsyzdygyny aýdyp, “bizden peýdalanýarlar, sebäbi biz ejiz” diýýärler.

“Uçastkowyý maňa: 'Seniň gitjek ýeriň ýok, meniň gaharymy getirmezden aýdylany et. Pagta gitmeseň, täze iş açaryn' diýip haýbat atdy. Men iki ýyl pagta çykdym, bir manat hem hak görmedim" diýip, öňki bendi gürrüň berdi.

Öňki bendiler polisiýa işgärleriniň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny belläp, pagta mejbury gatnaşdyrylmagy sebäpli işsiz we gazançsyz galýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenabatly öňki bendi ýerli polisiýanyň hasabynda durýandygyny we polisiýa işgäriniň diýenini etmeli bolýandygyny aýdýar.

“Men türmeden çykanymda maşgalam maňa iş gözläp başlady. Men kebşirleýjilik işi bilen meşgullanyp, täze durmuşa başladym. Ýöne uçaskowyý: 'Sen biziň gözegçiligimiziň astynda, islän wagtym işiňi suda geçirerin' diýip, elmydama haýbat atýar. Pagta möwsümi gelende işimi goýup, meýdana çykmaly bolýaryn” diýip öňki bendi gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, meýdanda şertler örän agyr.

“Öňki ýyl günüň dowamynda 65–70 kilogram norma goýdular. Suw we iýmit özüňden. Ýatymlaýyn pagta alnyp gidiläýse suwa düşmäge hem mümkinçilik ýok, ertesi irden ýadaw ýene işe sürülýärdik. Bir gezek normany dolup bilmändim, polisiýa maňa 'seniň häsiýetnamaňy garalaryn hiç iş tapyp bilmersiň' diýdi. Men şol wagt maşgalam üçin dymmaga mejbur boldum” diýip, öňki tussag gürrüň berýär.

Lebaply oba ýaşaýjylary ekin meýdanlaryndaky iş şertleriň agyrdygyny, emma öňki bendileriň ýagdaýynyň has-da gözgynydygyny gürrüň berdiler.

“Motorda mallara ot alyp gidýärkäm, pagta meýdanynda pagta ýygyp ýörän erkekleriň seslerini eşitdim. Birisi maňa seslendi: 'Agam, gaýrat edip suw beräýde' diýdi. Öýden 5 litr suw getirip berdim we şonda ýagdaýlaryny soranymda, 'atyzda 13 sany erkek biz, öňki bendiler, uçastkowyýlar tarapyndan meýdana kowuldyk' diýip gürrüň berdiler” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Pagta ýygymy kampaniýasyna resmi derejede entek bat berilmedik hem bolsa, soňky hepdelerde pagta hasylyny ýygnamak boýunça işler ýurduň dürli böleklerinde alnyp barylýar.

Resmi taýdan pagta ýygym sentýabr aýynda başlanýar we noýabrda bellenýän hasyl baýramyna çenli dowam edýär. Emma iş ýüzünde awgustda başlanyp, dekabra çenli dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan, Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda býujet işgärleriniň birnäçe hepde bäri pagta ýygmaga ýa-da pul tölemäge mejbur edilýändigini, ondan öň olaryň köpçülikleýin çürtüm işlerine gatnaşdyrylandygyny habar berdiler.

Geçen ýyl pagta ýygyma, dürli sebäplerden wagtlaýyn tussaghanalarda saklanan raýatlar, öňki tussaglar, aliment bergisi bolan raýatlar we hatda ýolda saklanan awtoulaglaryň ýolagçylary çekilipdi.

Lebap welaýatynda içerki ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrýan awtobuslardaky ýolagçylaryň polisiýa tarapyndan awtobuslardan duýdansyz düşürilip, gowaça meýdanlaryna alnyp barylandygyny habarçylarymyz noýabr aýynda habar berlipdi.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy üçin ýyllarboýy tankyt edilýär.

Pagtany eksport edýän Türkmenistanda her ýyl 1 million 250 müň tonna pagta öndürýändigi yglan edilýär we pagta ýygyma döwlet edaralarynyň işgärleri, esgerler, studentler we hatda çagalar gatnaşdyrylýar. Ýurtda çagalaryň pagta ýygyma çekilmegi kanunda gadagan edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG