Türkmenistanyň Azerbaýjanyň Fizuly şäherinde metjit gurup bermek barada eden teklibi ilat arasynda öňem az bolmadyk nägileligi ýokarlandyrýar diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýär.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda 22-nji awgustda Awazada geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykdan soň, metbugat wekillerine eden ýüzlenmesinde uly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana metjit gurup bermek barada eden teklibini minnetdarlyk bilen kabul edendigini aýtdy:
“Türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fizulyda bolan döwründe, Türkmenistandan sowgat hökmünde, metjit gurmagy teklip etdi. Men bu teklibi minnetdarlyk bilen kabul etdim” diýip, Alyýew metjidiň binagärlik taslamasynyň eýýäm taýýarlanandygyny, täze metjidiň ýakyn wagtda düýbüniň tutuljakdygyny habar berdi.
Ilat ilki ýurtdaky mätäç adamlaryň aladasy edilmeli diýýär
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlar hökümetiň ilki öz halkynyň zerurlyklary, mätäç adamlar barada alada etmelidigini aýdýarlar.
“Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentleri ...goňşy ýurtlara ynsanperwer kömek, azyk iberip, metjit we mekdep gurduryp, bu hili çykdajylary döwlet býujetinden maliýeleşdirip, öz raýatlarynyň nägileliginiň has hem artmagyna sebäp bolýar” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedow we onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň barha garyp düşýän wagtynda, halkyň agzyndan kesip, şan-şöhrata kowalaşyp, daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň öňünde jomart bolup görünmäge çalyşýarlar.
Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan raýatlaryň biri özüniň Owganystana ýa-da Täjigistanda ýaşaýan türkmenlere ynsanperwer kömek edilse, Ukrainadaky çagalara kömek edilse, muňa düşünjekdigini, ýöne Azerbaýjan ýaly gurply döwlete mugt metjit gurup bermek baradaky teklibe düşünip bilmeýändigini belledi.
“Türkmenistanda ykdysady krizis çuňlaşyp, ilat eklenmek üçin köpçülikleýin öz watanyny terk edip, keseki ýurtlarda sergezdançylyk çekip, talabançylyk edip, pul gazanýan wagty, hassalaryna derman satyn almaga pul tapmaýan hojalyklaryň köpelýän wagty, daşary ýurtlara gidenleriň yzynda galan çagalar, garrylar eklenjini ýitirip, mätäçlik çekýän wagty özüňden has gurply ýurda metjit sowgat etmek nämä gerek bolduka? Prezidentiň oturan ýeri kül üstünde, göwni kap dagynda” diýip, raýat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, kömek berilýän ýurt Türkmenistan bilen deňeşdirilende ähli tarapdan güýçli, ykdysady taýdan, ýaragly güýçleri, ilat sany, önüm öndürijilik kuwwaty taýdan ençeme esse kuwwatly, bu hili ýurtlara ynsanperwer kömek ýa sowgat bermek ýaranjaňlykdan başga zat däl.
Aktiwist Ýewropadaky 'sosial kömek' praktikasyny ulanmaga çagyrýar
Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow ýerli ýaşaýjynyň bu pikiri bilen köp babatda ylalaşýar.
“...işsizlik, açlyk, bu zatlara üns berilmän, başga döwletlere şolar ýaly metjit guran bolup ýa ýene bir zat guran bolup, biz ynha şeýle bir hökümetiň başynda oturan bir eli açyk döwlet ýolbaşçylary diýip, özlerini görkezmek üçin, daş-töweregine ýaranmak üçin edilýän hereketler” diýip, Hanamow aýtdy.
Hanamow soňky döwürde sosial mediada öz ýagdaýyny gürrüň berýän raýatlaryň köpelendigini, eger-de hökümet ýeke başyna çaga ekleýän, jaýsyz galyp, kireýine, kyn şertlerde ýaşaýan we hut şu jaýsyzlyk sebäpli daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlaryň ýagdaýy bilen gyzyklansa, halkyň durmuş şertlerini kagyz ýüzünde däl-de, hakykatda gowulandyrsa, abraý aljakdygyny, häzirki ýagdaýda diňe 'ýigrenji bolýandygyny' öňe sürdi.
“Ýurt daşyna edilýän çykdajylary halkyňa [siňdirseň], bir topar maşgala bar, horluk çekip ýörenlere jaý gurup ber, sosial mesele diýilýär, ynha, Ýewropada şoňa gaty üns berilýär. Halkyň mümkinçiligi bolmasa özüni eklemäge, hökümet sosial kömegini edýär. Ine, şol zatlary etmeli ahyryn. Şonda halk seni gowy görer” diýip, öňki diplomat sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmen häkimiýetleri Azerbaýjanda guruljak metjidiň bahasy barada hiç bir maglumat bermedi.
Azatlygyň habarçylary mundan öň adamlaryň Arkadag şäherinde gurulýan uly metjide harçlanýan döwlet serişdeleri, beýleki gymmat bahaly gurluşyklara sowulýan halk pullary üçin hem gaty nägile bolýandyklaryny habar beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum