Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň ýegeni är-aýalyň ölümine sebäp boldy, jogapkärçilige çekilmedi – Memorial


Ýasin Zakriýew
Ýasin Zakriýew

Çeçenistanyň Hasaplar palatasynyň başlygy we respublikanyň baştutanynyň ýegeni Ýasin Zakriýew şu ýylyň 20-nji iýulynda Groznyda ýol hadysasyna, är-aýalyň ölmegine we olaryň iki çagasynyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezi habar berýär.

Merkeziň maglumatyna görä, Zakriýew olaryň awtoulagynyň yzyndan gelip urdy.

"Merhumlar ertesi gün jaýlandy, häkimiýetleriň buýrugy esasynda, maşgalalaryň arasynda derrew ýaraşyk çäresi geçirildi. Jenaýat işi açylmady" diýip, hukuk goraýjylar aýtdylar.

Bu bolan heläkçilikli hadysa barada, ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 21-nji iýulda çeçen oppozisiýa hereketi Niýso habar berdi.

Aýdylmagyna görä, Zakriýew ulagyny "ýokary tizlik bilen sürüp, garry är-aýalyň münüp barýan ulagynyň yzyndan urýar". Olaryň ikisi hem wakanyň bolan ýerinde jan beripdir.

Ýasin Zakriýew Ramzan Kadyrowyň aýal dogany Zulai Kadyrowanyň (Zakriýewanyň) ogly.

XS
SM
MD
LG