ABŞ prezidenti Donald Tramp rus we ukrain liderleriniň tiz wagtda duşuşmak mümkinçiliginiň peselendigini aýdyp, Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmegiň ähtimallygyny gozgady. Ol ukrain tarapynyň hem ýazyksyz däldigini aýtdy.
“Men [urşuň] soňlanmagyny isleýärin” diýip, Tramp 26-njy awgustda Ak tamda žurnalistlere aýtdy. “Men muny etmeli bolsa, meniň göz öňünde tutýan zatlarym örän, örän çynlakaý. Ýöne men munuň gutarmagyny görmek isleýärin” diýip, ol aýtdy.
“Biz soňunyň gelmegini isleýäris. Bizde ykdysady sankiýalar bar” diýip, Tramp aýtdy.
“Bu jahan urşy bolmaz, ykdysady uruş bolar we ykdysady bolsa - bu erbet bolar. Bu Russiýa üçin erbet bolar we men muny islämok” diýip, ol belledi.
Tramp öňden bäri halkara meselelerde özge ýurtlara garşy ykdysady sanksiýalar we ýokary gümrük paçlary boýunça haýbatlardan peýdalanyp gelýär.
Ol Moskwa garşy ykdysady çäreler boýunça duýduryş berip gelýär, ýöne heniz girizmedi. Ýöne Waşington we Günbatar Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina çozaly bäri, oňa garşy bir topar, ýiti sanksiýalary girizdi.
“Meniň pikirimçe, ol [rus prezidenti Wladimir Putin] köp babatda ol ýerde. Käteler ol ol ýerde bolýar, [ukrain prezidenti Wolodymyr] Zelenski bolmaýar” diýip, Tramp aýtdy.
“Siz bilýärsiňizmi, bu edil, bu gün bizde kim bar diýen ýaly bir zat? Men olaryň ikisiniň-de bir wagtda bolmagyny isleýärin” diýip, Ministrler Kabinetiniň üç sagat çemesi dowam eden ýygnagynyň yz ýany Tramp aýtdy.
“Zelenski hem ýazyksyz däl. Men onuň bilen häzir düşünişýärin, ýöne indi biziň örän başga gatnaşygymyz bar, biz indi Ukraina pul tölemeýäris” diýip, Tramp aýtdy we Kiýewe niýetlenip, ABŞ-dan satyn alynýan ýaraglara NATO tarapyndan töleg geçirilmegini şertlendiren ylalaşyga salgylandy.
Ol özüniň soňky teswirlerinde Kiýewe garşy hem käbir çäreleri girizmegiň ähtimallygyna yşarat etdi, ýöne jikme-jiklik bermedi.
“Men Putin bilen örän oňat gatnaşykda. Men Russiýa, ýa Ukraina, ýa-da kimdir başga birine sanksiýa girizmek arkaly müňlerçe adamy ölümden halas edip bilsem, bu ýagşy” diýip, Tramp aýtdy.
Putiniň Zelenski bilen duşuşy ret etmegi, şeýle-de Kremliň ukrain lideriniň kanunylygyna soragly çemelemegi barada soralanda, Tramp “[ruslaryň] aýdýan zatlarynyň ähmiýeti ýok. Olaryň ählisi göz üçin. Ol bolgusyzlyk” diýdi.
Trampyň Putin bilen 15-nji awgustda Alýaskada, şondan üç gün soňra Zelenski we ýewropa liderleri bilen Ak tamda geçiren duşuşyklarynyň yz ýany, Russiýa Ukrainada 2022-nji ýylyň fewral aýynda girişen doly-gerimli çozuşynda basyşy güýçlendirýär.
Ýanwar aýynda wezipä girişeli bäri urşuň soňlanmagyna araçylyk etmäge synanyşýan Tramp bu ýygnaklarda Putin bilen Zelenskiniň ýüzbe-ýüz duşuşygyny gazanmak üçin basyş etdi. Iki lider 2019-njy ýyldan bäri ikiçäk duşuşman gelýär.
Putin bilen şeýle duşuşygy talap edip gelýän Zelenski 26-njy awgustda iki lideriň geçirjek islendik gepleşigine Türkiýäniň, Aýlag döwletleriniň ýa-da ýewropa ýurtlarynyň beýemçilik edip biljekdigini aýtdy.
Ýöne, rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen hepde NBC TV teleýaýlymyna beren interwýusynda duşuşygyň “gün tertibiniň heniz düýbünden taýýar däldigini” aýtdy.
Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff soňra özüniň ukrain wekilleri bilen ýakyn wagtda Nýu Ýorkda duşuşjakdygyny aýtdy.
“Men şu hepde ukrainalylar bilen duşuşýaryn...we bu uly signal” diýip, ol Fox News telekanalyna aýtdy.
“Biz ruslar bilen her gün gepleşýäris” diýip, Witkoff sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum