Balkanda metjitlerde çagalara dini bilim bermezlik talap edilýär

Türkmenistanda raýatlaryň din saýlamak hukugy kanunda kepil geçilýär.

Türkmenistanda metjitlerde çagalara dini sapak bermek gadagan edilýär. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri ýerli ruhanylardan edilýän bu talabyň güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar.

MHM-niň wekilleri metjitlere aýlanyp, mollalara çagalara yslam dininden bilim bermezlik, gurhan okatmazlyk, olara arap alfawitini öwretmezlik hakda duýduruş berýärler we dil haty alýarlar.

"Güýç edaralaryň wekilleri metjitlere baryp, okap oturan çagalary kowýarlar we metjitleriň ymamlaryna gadagançylyk barada duýduryp, türme bilen haýbat atýarlar" diýip, diýip habarçymyz 27-nji awgustda Balkan welaýatyndan habar berdi.

Degişli maglumat Ahallylar Arkadagda gurulýan 'iň uly metjide' çykarylýan çykdajydan 'nägile bolýar'

Balkanabatly molla geçen şenbe güni metjitleriň birinde bolan ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "MHM-niň işgärleri çagalarymyzy metjitden kowdy we metjit ymamyna 'ýokardan tabşyryk boldy metjitlerde, öýlerde yslam dini okatmak gadagan. Ýene çagalary metjitde görsem göni Owadandepä türmä ugradaryn' diýip haýbat atdy.

Gündogar welaýatyň metjitleriniň birinde işleýän balkanly dindar metjitlerde çagalara sapak bermegiň kanuna ters gelmeýändigini belläp, bilimiň çagalary radikal dini toparlardan goramak üçin niýetlenýändigini gürrüň berdi.

"Biz döwletimizde ykrar edilen yslam dininiň sünni mezhebi kitaplaryndan sapak berýäris. Çagalarymyza dinimizde dogry ýoly mezhebi saýalamagy öwredýäris we biz olara wahabi, 'Yslam hereketi' ýaly toparlaryň duzagyna düşmezlik hakda bilim berýäris" diýip, dindar aýdýar.

Balkanly dindarlar güýç gulluklaryň özlerine görkezýän gysyşlaryndan ýadandygyny aýdýarlar.

"Häkimiýetler bizi ýadatdy. Metbugatda çykyş edip, aýtsynlar, döwlet we prezident ähli dinlere garşy diýip. Onda biz metjitlere gelmeris, ýa-da her gün üstümize gelip, näme etmelidigimizi aýdýan dine düşünmeýän MHM ofiserleri gelmegini bes etsin" diýip, dindar aýdýar.

Türkmenistanda din azatlygyny 2016-njy ýylyň 12-nji aprelinde güýje giren "Din azatlygy we dini guramalar hakyndaky" kanun düzgünleşdirýär. Kanun din azatlygyny, raýatlaryň haýsy dine degişlidigine garamazdan deňligini kepillendirýär we din esasynda diskriminasiýany gadagan edýär.

Emma ýurtda raýatlaryň dini azatlyklary berk çäklendirilýär. Dürli dinleriň wekilleri yzarlanýar, metjitlere berk gözegçilik edilýär, dini ybadatlaryna gatnaýan, öýünde namaz okaýan musulmanlara basyş edilýär. Hijap atynýan aýallar, sakgal goýberen erkekler soraga çekilýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda aýlykly ruhanylaryň sany azaldylýar

Şeýle-de, döwlet dini öz syýasy maksatlary üçin ulanýar, metjitlerde syýasy wagyzlar edilýär we Gurhan bilen bilelikde türkmen ýolbaşçylarynyň awtorlygynda çap edilen kitaplar okalýar.

Ýurtda yzly-yzyna kaşaň metjitler gurulýar we munuň üçin ilatdan mejburlyk bilen pul ýygnalýar. Soňky aýlarda býujetden aýlyk alýan türkmenistanlylar we hususy telekeçiler öz zähmet hakyndan bir bölegini Arkadag şäherinde gurulýan metjit üçin pul tabşyrmaga mejbur edildi.

Bu metjidiň gurluşygynyň türkmen raýatlarynyň we daşary ýurtlularyň goşandy bilen gurulýandygyny Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem aýtdy. Media maglumatlaryna görä, ol halk tarapyndan goşandy "haýyr-sahawat serişdeleri" we "sogap işe goşant" diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy boýunça Komissiýasynyň täze hasabatynda Türkmenistan “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirildi.

Degişli maglumat Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.