Arkadag şäherindäki bir elektrik üpjünçilik desgasynda dörän howply hadysada iki işçiniň şikeslenmegi we munuň töwrereginde bolup geçen wakalar edara-kärhanalarda, şol sanda önümçilik desgalarynda iş howpsuzlygy, şeýle-de işgärleriň goraglylygy bilen bagly dowam edýän aladalary artdyrdy.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu şäherde gurluşygy dowam edýän binalaryň birinde ýerleşýän elektrik üpjünçilik otagynda ýaňy-ýakynda bolup geçen we iki işçiniň şikeslenmegine alyp gelen hadysynyň ýurduň edara-kärhanalarynda önümçilik howpsuzlygy boýunça giň ýaýran kemçilikleri açyp görkezendigini aýdýarlar.
“Gurluşygy dowam edýän binalaryň birindäki elektrik transformator otagynda elektirk energiýasynyň üpjünçiligi birden peselip, birden beýgelýär we partlama bolýar. Munuň netijesinde, şol wagt transformator otagynda işläp ýören iki elektrik ussasynyň ýüzüniň we elleriniň derisiniň ýokarky gatlagy ýanýar. Olaryň derisinde gyzyl tegmiller peýda bolýar” diýip, önümçilik howpsuzlygyndan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
'Çynlakaý meseleler'
Ýöne bu waka, her näçe önümçilik howpsuzlygy bilen bagly ýönekeý hadysa ýaly bolup görünse-de, şondan soňra bolup geçen wakalar has çynlakaý problemalardan habar berýär.
Çeşmelere görä, gurluşyk desgasyndaky baş inžener wakanyň bolan ýerine dessine baryp, ilkinji nobatda, tiz kömege jaň edilip, habar berilmegini gadagan edýär.
Zyýan çeken işçilerde-de bu hadysa barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyk berk tabşyrylýar.
“Eliňe ýa ýüzüňe näme boldy diýip soran adamlara ‘öýde suwa düşenimde tötänlik bilen gyzgyn suwy açypdyryn’ diýip aýdyň” diýip, ýolbaşçylar elektrik ussalaryna duýduryş berýär.
Degişli maglumat Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildiOlar bu hadysany äşgär eden halatlarynda tehniki howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmezlikde aýyplanyp, özleriniň işden boşadylyp bilinjekdikleri barada haýbatlara duçar bolýarlar.
“Polisiýa ýa-da beýleki gözegçilik edaralarynyň işgärleri bu waka barada bilseler, işden boşadylarsyňyz, ipoteka esasynda berlen jaýlaryňyzdan çykarylarsyňyz, şu güne çenli geçiren tölegleriňiz hem köýer” diýip, çeşmeler baş inženeriň ýaraly işçilere aýdan sözlerini getirýär.
Olar alaçsyz ýagdaýda boljak zatlary göz öňüne getirip, arz-şikaýat bildirmekden, şeýle-de hassahanalara ýazylyp, lukmançylyk kömegini almakdan ýüz öwürýärler; öz çykdajylarynyň hasabyna zerur dermanlary satyn alyp, özbaşdak bejergi almagy saýlap alýarlar.
Işgärleriň goragsyzlygy
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli bir hünärmen şuňa meňzeş hadysalaryň edara-kärhanalarda zähmet çekýän adamlaryň nä derejede goragsyz galýandygyny açyp görkezýändigini aýdýar.
“Ýolbaşçylar işçileriň we daýhanlaryň goragsyzlygyndan peýdalanýarlar. Olaryň hak-hukuklary kemsidilýär, arz-şikaýatlary diňlenmeýär, çykalgasyz ýagdaýlara sezewar edilýärler” diýip, hünärmen Arkadag şäherinde bolup geçen hadysany teswirledi.
Azatlyk Radiosy bu waka boýunça şäher häkimliginden resmi kommentariýa alyp bilmeýär.
Degişli maglumat Arkadag gurluşyklarynda işleýän işçiler 'gaty ezilýändiklerini' aýdýarlarAzatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan beýleki bir hünärmen ýurduň zähmet kanunçylygynyň doly berjaý edilmeýändigini, diňe bir gurluşyk pudagynda däl, eýsem, başga pudaklarda-da ýolbaşçylaryň köplenç hilegärlige ýüz urup, işgärlere şertnamalarda wada berilýän zähmet haklarynyň doly tölenmeýändigini aýdýar.
“Olar käwagt şertnamada görkezilen zähmet haklaryny alyp bilmeýärler, dürli ýalan wadalar bilen aldap işledilýärler” diýip, hünärmen aýdýar.
Daşary ýurt döwletlerinde, meselem, Günbatar ýurtlarynda işgärleriň zähmet hukuklary berk goralyp, şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda olar kazyýet edaralaryna ýüz tutup, öz hak-hukuklaryny talap edip bilýärler.
Ýöne Türkmenistanda, hatda döwlet ähmiýetli şäher yglan edilen Arkadag şäherinde hem işgärleriň zähmet hukuklarynyň basgylanýandygy, olaryň ýalan-ýaşryk wadalar bilen işledilýändigi, galyberse-de, iş howpsuzlygy bilen bagly hadysalar ýüze çykan halatynda hem bassyr-ýussur etme tilsimlerine ýüz urulýandygy barada habarlar gelip gowuşýar.
Bu şäher ýurtda Arkadag yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut şahsy gözegçiliginiň astynda bolup, tarp ýerde bina edilen şäherdäki iň inçe detallar hem Berdimuhamedowyň garamagynda galýar.
Ýöne elektrik üpjünçilik otagynda dörän hadysada ejir çeken ussalar özleriniň arz-şikaýatlaryny hiç kime eşitdirip bilmeýärler.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosy bu şäherde zähmet çekýän gurluşyk işçileriniň gaty ezilýändiklerini habar berdi.
Bu şäher 2023-nji ýylyň iýun aýynda dabara bilen açyldy, häzirki wagtda gurluşyk işleriniň ikinji tapgyry dowam edýär.
'Ölme eşegim ýaz geler!'
Azatlyk Radiosynyň şäher durmuşyndan habarly çeşmeleri ilatly ýerde diňe bir işçileriň däl, taksi sürüjileriniň hem ýalan wadalara sezewar galýandygyny aýdýarlar.
“Bu şäherde iki ýyldan gowrak wagt bäri ýeňilleşdirilen ipoteka esasynda jaý almak mümkinçiligine umyt baglap, az aýlyga razy bolup, işläp ýören işgärler bu ýyl hem jaý alyp bilmediler. Olara bu ýylyň dowamynda öý berilmejegi duýduryldy. Eger-de işlemegi dowam etseler, öňümizdäki ýyllarda olara-da şäherde öý-jaýlaryň berlip bilinjekdigi aýdyldy. Olar ýene-de aldandy” diýip, şäheriň transport pudagyndan habarly beýleki bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Olaram näme, ölme eşegim ýaz geler diýip,ýalan wadalara razy bolup, ýene-de işlemegi dowam etdirmäge razy bolýarlar, başga çykalga barmy!?” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär