Ysraýylyň Gaza zolagynyň çägindäki Han Ýunus şäherinde ýerleşýän hassahana, “Nassere” uran zarbasynda 20 çemesi adam, şol sanda žurnalistler wepat boldy.
Bu habary Gazanyň saglyk ministrligi, ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň gözegçiligindäki edara ýaýratdy.
Arap we Günbatar habar beriş serişdeleri hem bu zarbanyň adam ölümine sebäp bolandygyny tassyk etdi.
25-nji awgustdaky maglumata görä, bu hüjüm daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen işleşýän erkin žurnalistleriň azyndan dört sanysyny öldürdi.
“Associated Press” agentligi AP we beýleki habar beriş serişdeleri bilen erkin işleşýän wideo žurnalisti Maryam Dagganyň ölendigini habar berdi.
Öldürilen erkin žurnalistleriň arasynda “Roýters” habar gullugynyň operatory Hossam al-Masri, “Al Jazeera” teleýaýlymynyň habarçysy Muhammet Salam we suratçy Moaz Abu Taha hem bar. Žurnalistleriň arasynda ýaraly bolanlar hem bar diýip, habarda aýdylýar.